Ýol bitumy TNGIZT-nyň eksporta iberýän önümleriniň üstüne goşuldy

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýol bitumy şu ýyldan eksporta ugradylyp başlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň belleýşi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebti gaýtadan işlemekden alynýan bu önümiň 35 müň tonna golaýy ýerleşdirildi. Asfaltbeton öndürmek üçin çig malyň ýedi müň tonna golaýy demir ýol bilen Özbegistanda işleýän telekeçilik gurluşlaryna ugradyldy.

Türkmen bitumyna islegiň artmagy TNGIZT-da täze wakuum enjamyny we beýleki tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bu baglaşdyryjy komponentiň hiliniň ýokarlanmagy bilen baglanşyklydyr, olaryň kömegi bilen bitumyň we şepbikleriň ýumşamak gyzgynlygyny ýokarlandyrmaga, harytlyk önümiň adgezion we maýyşgaklyk sypatlaryny gowulandyrmaga ýardam edýän nebit galyndylarynda alfaltagenleriň konsentrasiýasy artdyrylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014