TOPH konsorsiumynyň agzalary maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle-de bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylyşy maslahatlaşyldy, bu iri möçberli infrastruktura taslamasyny iş ýüzünde mundan beýläk hem çalt depginde alyp barmagyň meselelerine seredildi. Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň nebitgaz pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda TOPH transmilli gaz geçirijisine hemmetaraplaýyn goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözleri ýaňlandy. Bu gaz geçiriji bütin Günorta Aziýa yklymynyň «mawy ýangyç» zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitde durnuklylygy, parahatlygy we taslama agza ýurtlaryň ykdysady ösüşini gazanmaga ýardam eder.

Bütin Aziýa sebiti möçberinde alanyňda, TOPH gaz geçirijisiniň ägirt uly ähmiýetini bellemek bilen, çykyş edenler, Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen bu taslama umumy maksady durmuşa geçirmek üçin tagallalaryny birleşdirýän ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde özboluşly köpri boljakdygyny nygtap geçdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň paýdarlary maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler. Metbugat-konferensiýasynda bellenilip geçilişi ýaly, taslamanyň başlangyç býujeti ABŞ-nyň 200 million dollaryna barabar bolup, bu serişdeler TOPH gazgeçirijisini gurmagyň indiki tapgyrlaryny maliýeleşdirmek üçin sarp ediler. Şol sanda gaz geçirijiniň geçjek ugrunyň inženerçilik taýdan jikmek-jik öwrenilmegini, ykdysady we durmuş taýdan daşky gurşawa täsirini öwrenmekligi, şeýle hem, şuňa meňzeş işleri maliýeleşdirmek göz öňüne tutuldy. Şeýle çäreler gaz geçirijini doly gurmak üçin zerur bolan maýa goýumlaryny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berer. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, turba geçirijiniň gurluşygy 3 ýyl dowam eder.

«TOPH turbageçirijisi oňa gatnaşyjy-agza ýurtlaryň sebitde energetiki zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, netijede bolsa, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sebitleýin hyzmatdaşlygynyň deňi-taýy bolmadyk täze derejesini aňladýar» diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew belläp geçdi. Şeýle hem, bu gün gol çekilen maýa goýum Ylalaşygy «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumyna TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, diýip wise-premýer belläp geçdi.

«TOPH taslamasy Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezer, infrastrukturasyny özgerder, onuň üçin energetika bazaryny diwersifikasiýalaşdyrar we sebitiň energetiki howpsuzlygyny ýokarlandyrar» diýip, AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça departamentiniň baş direktory Şon O Salliwan metbugat-konferensiýasynda belläp geçdi.

Öň belläp geçişimiz ýaly, «Türkmengaz» Döwlet konserni 2015-nji ýylda «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň liderligine saýlandy we taslamanyň esasy maýadary we dolandyryjysy wezipesini öz üstüne aldy. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda TOPH gaz geçirijisiniň 214 km uzynlykly türkmen böleginiň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi. Häzirki wagtda «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konsernleriniň degişli bölümleri gaz geçirijiniň gönüleýin böleginde gurluşyk işleriniň toplumyny ýokary depginlerde alyp barýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014