«Türkmennebit» konserni: bellenilen meýilnamadan öňde

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň kärhanalary şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemlediler. Ýurduň iň iri önümçilik-hojalyk toplumlarynyň biri bolan bu konserniň gazyp alyjy kärhanalary ýylyň başyndan bäri 1 million 266,5 müň tonna nebit aldylar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitçiler gazyp alýan nebitiniň möçberini ýokarlandyrdy. 2015-nji ýylyň birinji çärýegindäkiden 687 müň tonna köp «gara altyn» gaýtadan işlemek üçin iberildi.

Konserniň guýulary gazmak bilen meşgullanýan önümçilik müdirlikleri meýilnamada görkezilenden 18,9 müň metr artyk burawladylar. Ilkinji nobatda ulanyş guýularynyň burawlanyş tizligi düýpli ýokarlandy. Ulanyş guýularyň meýilnamada bellenilen görkezijiden 12 müň metr, barlag guýularynyň bolsa 6,9 müň metr artygy burawlandy.

Konserniň buraw kärhanalarynyň önümçilik zähmetiniň ýokary depginlerde ösmegi onuň buraw brigadalarynyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň täze buraw tehnikalary bilen üpjün edilip, häzirki zaman buraw tehnologiýalaryny ulanmagynyň netijesi bolup durýar. Diňe 2015-nji ýylda müdirligiň ygtyýaryna HHR-da öndürilen «XJ-450» kysymly buraw enjamlarynyň 12-si gelip gowuşdy. Bu enjamlar ätiýaçlyk şaýlary hem-de ýokary basyşa garşy kuwwatly abzallar bilen üpjün edilendir. Önümçilikde bu enjamlaryň peýdalanylmagy buraw işlerinde meýilnamada bellenilen tertipden öňe geçmäge mümkinçilik berdi.

Işiň ýokary tizligini üpjün edýän kuwwatly sorujysy bolan «ZJ 70 ДВ» kysymly täze buraw enjamy Demirgazyk Goturdepe ýatagyndaky №92 belgili ulanyş guýusyny burawlamagy netijesinde 3900 metr bellenilen çäge wagtyndan öň ýetmäge ýardam etdi. №219 we 228 (Demirgazyk Goturdepe) täze barlag guýularynda taslama çuňlugy 5300 metriň eýýäm 5000 metri burawlandy.

Hytaý enjamynyň kömegi bilen Altyguýy ýatagyndaky №200 belgili guýynyň 1200 metri burawlandy. Ýokary depginler bilen 3600 metre çenli burawlanan Kemer ýatagyndaky №10 belgili barlag guýusyndan nebit akymy alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy» nebitgaz pudagynyň mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitledi. Onuň esasy wezipeleri hökmünde gözleg-barlag işiniň depginini tizleşdirmek, täze känleri özleşdirmek, plastlaryň nebit öndürijiligini we ulanyşdaky känleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, uglewodorod serişdelerini almaklygy toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak kesgitlenildi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi uglewodorod serişdeleriniň alynýan we gaýtadan işlenýän mukdaryny ep-esli derejede artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014