TOPH magistraly: ilkinji kilometr guruldy

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) magistral gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gönüleýin böleginiň birinji kilometrinde kebşirleme işleri tamamlandy. «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň hünärmenleri bir ulgama kebşirlemek üçin 1420 mm diametrli turbalaryň ýene-de bäş kilometrden gowragyny taýýarladylar. Olar geljekki gaz geçirijiniň geçjek ýoluna çykarylyp goýuldy.

Kebşirleýiş işlerini tizleşdirmek üçin bu ýerde iki sany stellaž gurnaldy. Taýýarlyk işlerine ýörite tehnikalardyr gurluşyk mehanizmleriniň ýüzden gowragy peýdalanylýar.

Owganystanyň serhedine çenli 200 kilometre uzalyp gidýän türkmen böleginde turbalar geçiriler, kompressor stansiýalary, arassalaýjy gurluşlary işe girizýän nokatlar, zerur bolan goşmaça desgalar gurlar, gazgeçiriji elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. Gazgeçirijiniň gönüleýin bölegi gurlup tamamlanandan soň, onuň türkmen böleginde awtomatika we telemehanika ulgamlary ornaşdyrylar.

Ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisinde oňa gatnaşyjy ýurtlar taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalaryny bildirdiler. Taslamanyň mundan beýläkki tapgyrlaryny maliýeleşdirmek maksady bilen «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň agzalary maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler. Şol Ylalaşyk agzalaryň paýdarlyk goýumlaryny ABŞ-nyň 200 million dollary möçberinde kesgitledi.

Konsorsiumyň lider hökmünde çykyş edýän «Türkmengaz» DK bu energetiki taslamany durmuşa geçirmek işine işjeň goşuldy. Onuň inžener gulluklary geljekki magistral gaz geçirijisiniň iki ýüz kilometrden gowrak aralygy öz içine alýan, «Galkynyş» gaz käninden tä Owganystanyň serhedine çenli aralykda topografiki surata düşürmek işleri we inžener-barlag işleriniň bütin bir toplumyny durmuşa geçirdiler. Täze gaz geçirijiniň ilkinji otuz kilometrden gowragyny gurmak üçin potratçy kärhanalaryň ygtyýaryna zerur resminamalar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, transmilli täze gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň möhüm ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik meseleleriniň çözülmegine ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014