Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy.

Iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň abraýly sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Lider pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Termez şäherinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň dabaraly garşylanandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklar, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, obasenagat toplumynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özbek oba hojalyk tehnikalarynyň özüni gowy tarapdan görkezendigini belläp, Türkmenistanyň olary geljekde hem satyn almakçydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine goňşy döwletleriň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Mälim bolşy ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýelik edýän Türkmenistan we Özbegistan energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýärler. Amala aşyrylan taslamalaryň içinde 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan –Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny bellemek bolar.

Öňräk, Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň işewür toparlaryny Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini işläp taýýarlamaklyga gatnaşmaga çagyrdy.

Aşgabat Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektrik energiýasy ibermek boýunça taslamalaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014