«LG International» we «Hyundai Engineering» kompaniýalary Türkmenistanda täze taslamalary işe girizmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Rok hem-de “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hon bilen duşuşygynda nebitgaz we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Döwlet Baştutanynyň daşary ýurtly işewürler bilen duşuşygy Hazaryň türkmen kenarynda Gyýanly şäherçesinden polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumynyň açylyşynyň öňýanynda geçirildi.

«LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) we «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary bahasy 3,4 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan bu iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmeklige gatnaşdylar. «Türkmengaz» DK bilen şertnama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutany we myhmanlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ozaly bilen bolsa, gazhimiýa pudagyny ösdürmek meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistan bu ugurda ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýedir.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde ilkinji dörtlüge girýär. Şol bir wagtda, turba geçirijiler arkaly gazyň eksportynyň çäkliligi ýurduň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýol bermeýär. Şu ýagdaýda Aşgabatda tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan taýýar önümleri öndürmek boýunça birnäçe gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga tarap ýol aldy.

Koreý işewürleri Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, ýurdumyza öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, tejribesini we tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, öz borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly boljakdyklaryna ynandyrdylar. Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar döwlet Baştutanyny birnäçe täze teklipler bilen tanyşdyrdy, şolaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda birnäçe täze gazhimiýa toplumlaryny gurmaklygyň meýilnamasy taýýarlanyldy. Ol toplumlarda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda polipropileniň, polietileniň, kaustik sodasynyň, poliwinhloridiň, akril süýüminiň, benziniň, dizel ýangyjynyň, kerosiniň we gazhimiýa önümlerini beýleki görnüşleriniň – jemi 17 birliginiň önümçiligi ýola goýlar.

Şol sanda iri gazhimiýa toplumlaryny Daşoguz welaýatynyň çäklerinde, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirmegiň üçünji tapgyrynda gurmak meýilleşdirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014