Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $80,08, «WTI» - $69,81

2018-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 8:13-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,03 dollar ýokarlanyp, 80,08 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,06 dollar gymmatlap, 69,81 amerikan dollaryna barabar boldy.

17-nji oktýabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,36 dollar pese düşüp, 80,05 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2,17 dollar aşaklap, 69,75 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary geçen hepdede 6,49 mln barrel artdy, diýip Finmarket habar berýär.

Öňräk Amerikanyň nebit instituty (American Petroleum Institute, API) ätiýaçlyklaryň 2,13 mln barrel azalandygy habar berdi. S&P Global Platts-yň sorag edilen bilermenleri bolsa bu görkezijiniň 1,88 mln barrel artjakdygyny çaklapdylar.

Muňa garamazdan, ABŞ ýangyç-energetika toplumyna degişli Eýrana garşy çäklendirmeleriň ikinji tapgyrynyň güýje girmegine garaşylýan döwürde nebitiň çykarylyşyny artdyrmaklygyny dowam edýär. ABŞ-nyň Energetika ministrligi ýurduň slanesli gorlarynyň noýabr aýynda günde 100 müň barrel artyp, 7,71 mln barrele ýetmegine garaşýarlar. Ösüşiň ýarysyndan gowragyny Tehas we Nýu-Meksika ştatlaryndan Perm basseýniniň ýerleri üpjün eder. Bu ýerdäki çig mal çykarylyşy Eýranyň soňky görkezijilerinden artyk bolar.

Meňzeş täzelikler

2014