Gurbanguly Berdimuhamedow täze Gyýanly GHT-niň ýanynda bag nahalyny oturtdy

Gyýanlydaky polimer zawodynyň açylyş dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi.

Döwlet Baştutanynyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriniň gelen netijesine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa babatda has amatly hasaplanylýar. Munuň özi bu ulgamda maksadalaýyk işleriň yzygiderli geçirilmegi bilen düşündirilýär.

Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda we tutuşlygyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara hem-de sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken ýörite Karary Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täze tapgyr boldy. Şol resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014