Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, wise-premýer Myratgeldi Meredow, döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemlerine oňyn baha berip, bilelikdäki işiň birnäçe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki tarapdan toparlaryň başlyklary hyzmatdaşlygyň netijeli we okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hökümetara toparyň ornuny nygtadylar. Majid bin Abdulla Al Kasabi nobatdaky mejlisiň özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda dokma hem-de azyk senagatynda, bank ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny artdyrmak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda anyk teklipler aýdyldy. Ýygnananlar bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem myhmanlar Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça sebitde iri gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen türkmen tarapyny gutladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleriň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar eksport-import önümleriniň möçberini artdyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi täze maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014