2016-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hökümetiniň, pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalary we ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyna baha berildi.

Meljisde berilen hasabatlarda bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýädigine şaýatlyk edýär.  Ösüş depgini senagat pudagynda 102,5 göterime, gurluşykda 105,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110 göterime, söwdada 116, 7 göterime, oba hojalygynda 105,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 109, 5 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim ýokarlandy.Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Şunda çykdajylaryň umumy möçberiniň 80,2 göterimden gowragy durmuş ulgamyna gönükdirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew nebitgaz toplumyna girýän kärhanalaryň geçen üç aýda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 101,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 100, 4 göterime, daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini 103 göterime deň boldy.  2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebit önümleriniň, şol sanda polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi hem artdy.

Şeýle hem buraw işleriniň barşy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen bölegini gurmagyň barşy hem-de  maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada habar berildi.

Wise-premýer şeýle hem TOPH taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Aşgabatda geçirilen 24-nji mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi.  Duşuşygyň barşynda taslama gatnaşyjylar we onuň  Tranzaksion geňeşçisi—AÖB tarapyndan geçirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän  “TAPI  Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygy makullanyldy we oňa gol çekildi. Mundan başga-da, TOPH taslamasynyň hukuk hem-de tehniki ugurlary bilen baglanyşykly beýleki meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz  hasabaty diňläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady, bu taslama diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, Aziýa sebitinde dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky alamatyna öwrülmelidir. Milli Liderimiz bu iri energetika taslamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň amala aşyrylmagynyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän global energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş edip,

şu ýylyň birinji çärýeginde  ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, umuman, oňat netijeler gazanyldy diýip belledi. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri 5,7 göterim artdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Kabul edilen maksatnamalara  laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanan ykdysadyýeti emele getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň    gurluşygy alnyp barylýar. Hususy ulgama uly goldaw berilýär, jemi içerki önümiň düzüminde onuň paýy 62,3 göterime barabar boldy.

Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň     möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hem ösüş duýulýar diýip belledi.  Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýangyç-energetika pudagy hasaba alynmanda, ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän      önümleriň möçberi 11 göterim artdy. Şeýle hem, daşary ýurtlardan getirilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň möçberi 18,9 göterim azaldy.

Ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde at-abraýy hem barha artýar. Şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen    Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC-yň) mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017–2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň    bähbidine ylym we tehnika boýunça     komissiýasyna; 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna; 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy diýip.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň agzalarynyň öňünde wezipeleri goýup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebit pudagy bilen bagly bolmadyk beýleki pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmek, maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer Ý.Kakaýewe, nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç - energetika toplumynyň       pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, täze kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegiň, täze açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýylyň ikinji çärýeginde Mary we Lebap welaýatlarynyň esasy gaz ýataklarynda desgalaryň gurluşygyny tamamlamak gerek diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Ý.Kakaýewe  B.Hojamämmedow bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy düzgünleşdirmek boýunça işleri geçirmegi, toplumyň pudaklaryny saklamak we olaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolmadyk çykdajylary azaltmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy.  Nebitgaz pudagynda     öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen bagly meselä hem aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy. 

Meňzeş täzelikler

2014