ÝHHG Türkmenistanda energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerinden goragy boýunça amaly okuw gurady

17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boýunça Departamenti tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Abanýan howp we energetika infrastrukturasynyň ýadro däl desgalarynyň gowşak goralýandygy baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle-de terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlere garşy hereket etmek çärelerini ýokarlandyrmak maksatly pudagara utgaşdyryş işini we hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde ýardam bermek bu çäräniň maksady boldy.

Amaly-taýýarlyk beriji sapaklaryň çäginde 28 sany milli bilermen, şol sanda döwlet edaralarynyň we energetika pudagyň wekilleri bar bolan gorag ulgamynyň we krizis ýagdaýlaryny dolandyrmagyň netijeliligini, şol sanda terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümleriň netijelerini ýeňilleşdirmek maksady bilen krizis ýagdaýlaryny dolandyrmagyň daşarky mehanizmler bilen utgaşdyrylmagyny seljerdiler.

“Ýadro däl infrastrukturanyň desgalaryna bolan weýran ediji hüjümleri guramak üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulanmaklyk gün-günden mümkin bolýar” diýip, ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boýunça Departamentiniň Terrorçylyga garşy göreşýän bölüminiň işgäri Kun De Şmedt belledi. Ol: “Bu okuw kursy milli edaralar, degişli pudaklar we kompaniýalar derejesinde Türkmenistanyň senagat desgalaryny barlag etmek ulgamyna gönükdirilen terrorçylykly kiber hüjümlere garşy hereket etmek çäresiniň mümkinçiligine baha bermäge we ony ýokarlandyrmaga kömek eder” diýdi.

Bu trening Ýadro däl energetika infrastrukturasynyň wajyp desgalaryny kiber giňişliginden çykýan howplar bilen bagly terrorçylykly hereketlerden goramak boýunça öňdebaryjy tejribe baradaky gollanmasynyň esasynda geçýär.

Okuw kursy ÝHHG-niň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerinden goragy baradaky 2341 belgili Rezolýusiýasyny (2017ý.) ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilen tagallalarynyň çäginde geçirildi. Bu kurs ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen kiber hüjümleriniň howpy bilen bagly terrorçylyk hereketlere garşy çykmak pudagyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça sekizinji milli amaly trening bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014