Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli dokma önümleri, ýorgan-düşek önümleri, düz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri, arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Gruzuýa, Gazagystan,Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 927 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Hytaýdan, Türkiýeden, Slowakiýadan, Pakistandan, Hindistandan  gelen işewürler jemi bahasy 8 million 959 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matany, çig ýagly kislotany, pagta soapstogyny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 1 million manatlykdan gowrak bolan awtoulag serişdelerini satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014