2016-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

10-njy aprelde Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça önümçilik işleriniň, ykdysady ýagdaýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi, şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde göz öňünde tutulan möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekligiň ugurlary kesgitlenildi.

Maslahatda çykyş eden wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ýagşygeldi Kakaýewiň belleýşi ýaly, üç aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeler nebitiň we gaz kondensatynyň, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini, şeýle hem «mawy ýangyjyň» daşary ýurtlara ugradylýan möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokarydyr. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň Prezidenti şu günki gün pudak kärhanalarynyň öňünde uglewodorod serişdelerini çykarmagyň depgini we ony gaýtadan işlemekligiň hilini has hem ýokarlandyrmak wezipelerini goýýar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz ministrligi nebitgaz pudagynda önümçiligiň möçberini artdyrmak we öndürijilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlady we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürledi. Hususan-da, daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek we möhüm pudak taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt tehnologiýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek boýunça teklipler göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň barşynda, nebitgaz pudagynyň her bir edara-kärhanasynyň işiniň ýene-de bir möhüm ugry bellenilip geçildi. Ol hem iş üçin oňaýly şertleri döretmek, täze enjamlary we tehnikalary aýawly we netijeli ulanmak, maliýe serişdelerini tygşytly peýdalanmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Buýrujylary ýa potratçylary pudak döwlet konsernleri bolup durýan önümçilik hem durmuş maksatly desgalary öz wagtynda gurup, ulanyşa bermek meselelerine maslahatda aýratyn üns berildi. Şeýle hem, şu ýylda meýilleşdirilen nebitgaz we gazy gaýtadan işleýän täze desgalaryň gurluşygynyň başlama möhletiniň meýilnama laýyklykda berjaý edilmegi hakynda bellenilip geçildi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz ätiýaçlyklaryna eýedigini, içerki bazarlaryň zerurlyklary bilen birlikde, uzakmöhletleýin eksport zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilikleriniň bardygyny nazarda alyp, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň öňünde nebitiň we gaz kondensatynyň täze ýataklaryny gözlemek wezipesi goýuldy.

Pudak kärhanalarynyň öňünde goýlan beýleki möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda tebigy we suwuklandyrylan gazyň, dürli nebit önümleriniň, polietilen, polipropilen we ş.m. önümleriň eksportyny artdyrmak ýaly wezipeler durýar. Nebit çykarmak ulgamynda ýataklarynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ulanylman ýatan känleri gaýtadan ulanyşa girizmek işlerini ýola goýmak, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen üpjün etmek ýaly wezipeler kesgitlenildi. Öz gezeginde, TNGIZT hem ýokary oktanly benzin, dizel ýangyjyny we bazarlarda isleg bildirilýän beýleki önümleri öndürýän desgalarynyň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ýokary depginini saklamak zerurlygy barada hem maslahatda nygtalyp geçildi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabatda bolup geçen TOPH taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisinde  «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň agzalary taslamanyň indiki tapgyrlaryny maliýeleşdirmeklige gönükdirilen maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler, şeýle hem Günorta Aziýa ýurtlaryny zerur bolan «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek bu gaz geçirijiniň gurluşygyny çaltlandyrmak meseleleri dogrusynda ylalaşyklar gazandylar.

Meňzeş täzelikler

2014