Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin okuw maslahaty tamamlandy

Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, dünýäde iri nyrh agentlikleriniň biri bolan «Argus Media» britan kompaniýasynyň, şeýle hem «BP», «Shell», «Buried Hill» britan kompaniýalarynyň gurnan «Tebigy gazyň monetizasiýalaşdyrylmagynyň strategiýasy» atly iki günlük okuw maslahaty tamamlandy.

Okuw maslahatynyň ikinji gününde hem iki sessiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde «Argus Media» kompaniýasynyň öňdebaryjy analitigi Anastas Gatunok prezentasiýa bilen çykyş etdi.

Birinji sessiýanyň dowamynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar tebigy gazdan peýdalanmagyň dürli mümkinçiliklerini, hususan-da, «mawy ýangyjy» GTL tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlemek we tebigy gazy elektrik energiýasynyň generasiýasynda ulanmak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Analitik gazdan we kömürden suwuk ýangyç almaklygyň tehnologiýasynyň taryhyna gysgaça syn berdi. GTL temasy dogrusynda durup geçmek bilen, analitik Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazy gaýtadan işlemek we benzin öndürmek boýunça gurulýan zawody belläp, bu ugurda Türkmenistanuň uly üstünliklerini nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýanyň karbamid bazarlarynyň temasy ikinji sessiýanyň barşynda gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Bu temanyň çäklerinde analitik karbamidiň önümçiligi, sarp edilişi, importy we eksporty hakynda maglumatlary getirdi, şeýle hem RF-de, Özbegistanda we Türkmenistanda karbamidiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çaklamasyny getirdi. Türkmenistandaky «Maryazot» we «Garabogazkarbamid» karbamid öndürýän zawodlaryň Merkezi Aziýanyň iň iri kärhanalarynyň hataraynda durýandygy bellenildi.

Iki sessiýanyň netijelerini jemläp, «Argus Medianyň» analitigi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumylykda we hususan-da, Türkmenistanyň tebigy gazyň monetizasiýasy ulgamynda bäsdeşlige ukyplylyk şertlerine laýyk gelýändigini nygtady.

Şeýle hem okuw maslahatynyň barşynda «BP» britan kompaniýasynyň telekeçiligi ösdürmek boýunça sebit dolandyryjysy Jeýms Plutt kompaniýanyň işi hakynda, hususan-da, onuň Azerbaýjandaky iri taslamalary hakynda gysgaça prezentasiýa görkezdi. Onuň belleýşi ýaly, «BP» nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär we taýýar.

Günüň ikinji ýarymynda «Tebigy gazyň monetizasiýalaşdyrylmagynyň strategiýasy» atly iki günlük okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy, onuň çäklerinde gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014