Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak

Hazarýaka döwletleriniň halas ediş gulluklary 14-16-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda geçiriljek «Hazar-2016» halkara toplumlaýyn okuw-türgenleşiklerine taýýarlyk işlerine başladylar. Hazar deňziniň basseýninde, şeýle hem, hazarýaka döwletleriniň çäklerinde adatdan daşary tebigy we tehnogen häsiýetli ýagdaýlaryň ýüze çykan halatynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň halas ediş gulluklarynyň bilelikdäki hereketi okuw-türgenleşikleriniň esasy temasy bolar.

Okuw-türgenleşikleri üç tapgyrda geçirilip, şolaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar nebit önümleriniň, himiki taýdan howply jisimleriň dökülen ýerlerini arassalamak, howply hasaplanylýan desgalarda ýüze çykan ýangyny söndürmek, şeýle hem, Hazarda heläkçilige sezewar bolan deňiz gämisi bilen ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýyň zyýanlaryny ýok etmek başarnyklaryny ösdürerler.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň ekologiki howpsuzlygyny gorap saklamak meseleleri hazarýaka döwletlerini esasy üns merkezide durýar. Şu maksat bilen hünärmenleriň, senagatçylaryň, alymlaryň, ekologlaryň giň köpçüligi üçin halkara maslahatlary, konferensiýalar, seminarlar gurnalýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň mart aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde gurnan «Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş» ady bilen geçirilen sebit okuw maslahaty munuň aýdyň subutnamasy bolup biler.

Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri — DIM-niň, nebitgaz toplumynyň, gidrometeorologiýa, balyk hojalygy, syýahatçylyk, tebigaty goramak, deňiz ulaglary, adalat we beýleki birnäçe düzümleriň işgärleri gatnaşdylar.

On günlük okuw maslahatyny BMG-niň ýöriteleşdirilen agentliklerinde-- UNESKO-nyň Hökümetara okeangrafiýa toparynda (IOC UNESCO), Halkara deňiz guramasynda (IMO), BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, Halkara deňiz guramasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda we Hazar ekologiýa maksatnamasynda iş tejribesini toplan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň bilermenleri alyp bardylar.

Hazar tematikasyna degişli şular ýaly çäreleriň geçirilmegi bäş sany hazarýaka döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmeklige gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryny öňe itermäge bolan ymtylyşlaryna şaýatlyk edýär. Şu ugurda gözegçilik edilýän ösüş, sebitiň döwletleriniň Hazar deňziniň dostlugyň we ylalaşygyň deňzidigi hem-de özara netijeli hyzmatdaşlyklary ösdürmeklige taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Planetamyzyň göwheri diýlip aýdylýan Hazar deňzi häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň möhüm ykdysady we energetiki merkezleriniň birine öwrülýär. Şu jähetden hem onuň ekologiki howpsuzlygynyň ygtybarly we bitewi ulgamyny ýola goýmaklyga gönükdirilen hyzmatdaşlyklary giňeltmek möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassa bolup durýar. Munuň özi degişli ugurda işleriň yzygiderli we maksada laýyk geçirilmegi bilen düşündirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014