Türkmenistanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy.

Açylyş dabarasynda sport toplumynyň meýdançasynda owadan sahnalaşdyrylan edebi- sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Siz Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda öz ussatlygyňyz hem-de erkiňiz bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent maksatlaryny ösdürmelisiňiz!»

Döwlet Baştutany hemmeleri dünýäniň sport taryhyndaky bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Tomaş Aýana söz berildi. Bellenilişi ýaly, bu dünýä çempionatynyň örän ähmiýetli bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Şeýlelikde, agyr atletika türgenleriniň dünýä birinjiliginiň taryhynda ýaryşlar ilkinji gezek 20-sany agram derejesinde geçiriler.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň baştutany bäsleşikleriň dowamynda köp sanly täze rekordlaryň goýuljakdygyna we olaryň ýaryşyň tapawutly aýratynlygy boljakdygyna umyt bildirdi. Bu çempionatyň geljekde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanmagyň ýolunda ilkinji ädim boljakdygy bellenildi. Şeýle-de, bu ýaryş Aşgabat şäherinde sportuň Olimpiýa görnüşi boýunça geçirilýän ilkinji dünýä çempionatydyr.

On günüň dowamynda 283 sany zenan we 321 sany erkek türgenler on sany täze agram derejede itekläp, silkinip götermekde we ikisiniň jeminde 60 medal ugrunda ýaryşarlar. Şeýlelikde ýaryşlaryň umumy jemi boýunça 180 sany medal oýnalar. Şu wagta çenli dünýä çempionatynda ýeňijiler diňe 8 agram derejede bäsleşýärdiler.

Çempionat 10-njy noýabrda tamamlanar.

 

Meňzeş täzelikler

2014