Nebit arzanlamagyny dowam edýär: «Brent» - $72,83, «WTI» - $63,58

2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,07 göterim aşaklap, 72,83 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,16 göterim pese düşüp, 63,58 amerikan dollaryna barabar boldy.

Penşenbe güni «Brentiň» bahasy 74 dollar aşak düşüp, awgustyň ahyryndaky iň pes görkezijisini täzeledi, soňra 73 dollardan hem aşak düşdi, diýip Ria Nowosti habar berdi.

Söwda gatnaşyjylar ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary hem-de hepdäniň dowamynda neşir edilen OPEC döwletleriniň nebit çykarylyşy baradaky maglumatlardan peýdalanmaklaryny dowam edýärler.

Meňzeş täzelikler

2014