CNPC Amyderýanyň kenaryndaky känlerde gaz çykarylyşyny artdyrýar

«Amyderýa» gaz kompaniýasy 29-njy oktýabrda Hytaýyň milli nebit korporasiýasynyň (China National Petroleum Corporation, CNPC) operatorlyk edýän «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki Samandepe käninde dört sany kompressor desgasyny ulanyşa girizdi.

ORIENT habarlar agentliginiň CNPC-niň metbugat relizine salgylanyp habar berşi ýaly, kompressorlary işe girizmeklik Samandepäni işläp taýýarlamagyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda kände 13 sany desga hereket edýär, netijede «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň umumy möçberi günde 6,5 mln kub metr artdyrylyp bilner. Bu bolsa gyş möwsüminde «A» Blokdaky gazy gaýtadan işleýän zawoddan gazyň üznüksiz akdyrylmagyny kepillendirýär.

«Amyderýa» gaz kompaniýasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde çykarylýan tebigy gazyň barlagyna, işlenip taýýarlanylmagyna we gaýtadan işlenilmegine jogap berýär. Bu çäk «Merkezi Aziýa — Hytaý» turba geçiriji ulgam üçin eksport çeşmeleriniň biri bolup durýar.

2016-njy ýylyň dekabrynda «kompressor» taslamasynyň işe girizilen pursadyndan başlap kompaniýa hem-de onuň bölümleri «ilkinji nobatda hil» ýörelgesinden ugur alyp birnäçe önümçilik maksatlaryny ýerine ýetirdiler. Taslamanyň birinji tapgyry 2017-nji ýylyň noýabrynyň ahyrynda dört sany kompressor desgalarynyň işe girizilmegi bilen tamamlandy. Munuň netijesinde 2017-2018-nji ýyllaryň gyş-ýaz möwsüminde HHR ugrunda türkmen energiýa serişdeleriniň iberilmegine düýpli goşant goşuldy.

Meňzeş täzelikler

2014