Türkmenistan we Azerbaýjan ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparyny döreder

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli meseleleri düýpli işlemek we öz wagtynda çözmek boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.

Döwlet Baştutany Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu ýol ýurdumyzyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Türkmenistan işjeň hyzmatdaş hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan ugur alýan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda uly ähmiýete eýedir diýip, milli Lider nygtady.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenbaşy şäherinde Lazurit (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa) ugry boýunça halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň ýokarlanýandygyny, «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça demir ýol gatnawynyň, şeýle hem awtomobilleriň hereketiniň has-da artandygyny belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014