Russiýa TOPH taslamasyna gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenýär

Russiýa we Pakistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň we Eýran – Pakistan taslamasynyň gurluşygyna rus korporasiýalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyklygynyň meselelerini öwrenýär. RF-iň HBS-leriniň habar bermegine görä, Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen geçiren duşuşygynda bellenilýär. Duşuşyk Şanhaýda geçirilen EKSPO-nyň çäklerinde boldy, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Rus hökümetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Pakistan – Russiýanyň iri hem-de geljegi uly hyzmatdaşy. Ol Şanhaýda geçirilen duşuşygyň işleriň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşmak, «durmuşa geçirip boljak özara bähbitli täze teklipler» üçin örän oňat mümkinçilikdigini belledi,.

Pakistanyň hökümeti Russiýanyň «CASA-1000» sebit elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmagyny goldaýar. Bu taslama Täjigistandan we Gyrgyzystandan elektrik energiýasyny Owganystana we Pakistana ibermegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem taraplar rus korporasiýalarynyň TOPH we Eýran-Paksitan gaz geçirijileriniň taslamalarynyň gurluşygyna gatnaşmak meselesini öwrenýärler.

TOPH – häzirki döwrüň iň möhüm taslamalarynyň biri. Ykdysady wezipeleri çözmek bilen bir hatarda ol uzak ýyllar dowam edip gelýän sebit meselesini — Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, şeýle hem bir wagtda sebitdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak meselesini çözmäge niýetlenendir. Russiýa, ABŞ we dünýäniň beýleki döwletleri, şeýle hem halkara maliýe institutlary, hususan-da, Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bu taslamany goldadylar.

Bilermenleriň pikirine görä, TOPH Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer, Owganystana has möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin serişdeleri berer, Pakistana we Hindistana bolsa ykdysady ösüş üçin energiýa serişdelerini berer.

Uzynlygy 1800 kilometrden gowrak we geçirijilik kuwwaty ýylda 33 mlrd kub  metre barabar bolan turba geçirijiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda başlandy. Taslama laýyklykda, TOPH Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käninden başlap, birnäçe owgan, pakistan şäherlerinden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka diýen şähere ýetmeli. 2018-nji ýylyň fewralynda TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem onuň Pakistandaky böleginiň gurluşygynyň badalga almagyna garaşylýar.

Köp sanly döwletler, banklar we kompaniýalar TOPH taslamasyna gyzyklanma bildirýär. Şeýlelikde, Saud Arabystany eýýäm TOPH üçin maýa serişdelerini gönükdirdi. Gazagystan we Özbegistan hem oňa gyzyklanma bildirýär. Öňräk, Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy Kaýrat Abdrahmanowyň belleýşi ýaly, gazak tarapy TOPH taslamasyna gyzyklanmasyny beýan etdi we häzirki wagtda ony öwrenýär.

Şular ýaly infrastruktura desgalaryny gurmakda tejribesi bolan rus kompaniýalarynyň TOPH-nyň gurluşygyna gatnaşmagy onuň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014