Nebit ýene-de arzanlaýar: «Brent» - $72, «WTI» - $61,91

2018-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 8:05-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,18 göterim pese düşüp, 72 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,48 göterim aşaklap, 61,91 amerikan dollaryna barabar boldy.

Çarşenbe güni maýadarlar API-niň maglumatlaryna üns berdiler. Onda 2-nji noýabrda tamamlanan hepdede ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklarynyň 7,8 mln barrel artandygy bellenilýär.

Bazar ABŞ-nyň energetika ministrliginiň ätiýaçlyklar baradaky resmi maglumatlaryna garaşýar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Analitikler ätiýaçlyklaryň öňki hepdede 3,217 mln barrel artanyndan soňra, 2,43 mln barrel artmagyny çaklaýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014