Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bilen geçiren duşuşygynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutany ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän dostlukly gatnaşyklaryň we taryhy-medeni ýakynlygyň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işiniň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözläp tapmak, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän işewürler maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Meňzeş täzelikler

2014