Täze enjamlar guýulary abatlamak işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär

Täze tehnika we öňdebaryjy tehnologiýalar «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestinde işjeň ornaşdyrylýar. Trestiň hünärmenleri ýurduň nebitgaz ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini alyp barýarlar.

Brigadalar АК-60, А-80-60, XJ-350, XJ-450, УПА-60 has täze, kuwwatly göteriji desgalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Öz çäklerini abatlamak, plastyň birikdirmelerini berkitmek, aşakda we ýokarda ýerleşen gorizontlara dolanmak, suwdan goramak işlerinde täze usullar we tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Mysal üçin, trestiň hünärmenleri suwdan goramak işlerini geçirenlerinde maýyşgak nasos-kompressor turbalaryny ulanmagy we «Stinger» sementleme pakerlerini peýdalanmagy özleşdirdiler. Bu bolsa, çykarylýan nebitiň möçberiniň artmagyna ýardam etdi.

2016-njy ýylyň birinji çärýeginde trestiň işgärleri 133 sany guýuda düýpli abatlaýyş işlerini geçirip, 93 sany guýyny ulanyşa girizdiler. Şonuň bilen birlikde, 29,4 müň tonna nebit we 51,3 million kub metr gaz goşmaça alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy» nebitgaz pudagynyň mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitledi. Onuň esasy wezipeleri hökmünde gözleg-barlag işiniň depginini tizleşdirmek, täze känleri özleşdirmek, plastlaryň nebit öndürijiligini we ulanyşdaky känleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, uglewodorod serişdelerini almaklygy toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak kesgitlenildi.

Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň kärhanalaryna uglewodorod serişdeleriniň alynýan we gaýtadan işlenýän mukdaryny ep-esli derejede artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014