Şanhaýda IMPORT EXPO sergisinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri görkezilýär

Türkmenistan Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda ilkinji gezek geçirilýän hytaý halkara import sergisinde özüniň önümlerini hödürledi. Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Bu çäre Bütindünýä söwda guramasynyň we BMG-niň howandarlygynda geçirilýär.

Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, oba hojalygy, dokma senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinden düzülen topar bäş aýry mowzukda agrosenagat we tekstil toplumy, himiýa senagaty, söwda, medisina, halkyň sarp edýän harytlary we hyzmatlaryndan düzülen öz önümlerini sergä çykaryp, Türkmenistana wekilçilik etdiler. Serginiň barşynda Türkmenistanyň umumy meýdany 81 kw. metr tutýan pudaklaýyn pawilýonyny köpsanly gatnaşyjylar gördüler hem-de ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýagoýum, ylmy-tehniki we taryhy-medeni mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.

Serginiň çäklerinde milli ekspozisiýada önümlerini görkezýän Türkmenistanly öndürijileriň hytaý hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary, prezentasiýalary, pikir alyşmalary gurnaldy we sergä gatnaşyjylara iki ýurduň bazarlarynyň talaplary we ugurlary bilen, şeýle hem işewür hyzmatdaşlygyň goşmaça mümkinçilikleriniň ösüşi bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredi.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem HHR-iň Söwda ministrligi, Şanhaý şäheriniň hökümeti we Şanhaýdaky halkara söwda merkezi tarapyndan gurnalan söwda we maýa goýumlar boýunça halkara forumynyň sessiýasyna, şeýle hem hyzmatlar söwdasy boýunça Ýewraziýa seminaryna gatnaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014