«Çalyk Holding» Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgama 1,6 mlrd dollar maýa goýýar

Owganystanyň energetika we suw ministri Mohammad Gulem Hulmi we «Çalyk Holding» türk kompaniýasynyň başlygy Ahmet çalyk Kabulda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny (EGU) gurmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, diýip ORIENT agentligi habar berýär. Gol çekmek dabarasyna Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy.

Ähtnama laýyklykda, bu EGU-nyň gurluşygyna türk kompaniýasy 1,6 mlrd amerikan dollaryny maýa goýar. Taslama laýyklykda, Owganystan we Pakistan her ýylda 1000 megawatt türkmen elektrik energiýasyny alar. Mundan başga-da, onuň owgan topragyndan üstaşyr geçirmegi her ýylda Owganystana 100 million amerikan dollaryny getirer, diýip Hulmi aýtdy.

Garaşylyşy ýaly, Owganystanda 750 kilometre ýetjek — Hyratdaky Turgundydan Kandagardaky Spin-Boldaka çenli boljak 500 kW EGU-nyň gurluşygy üç ýyldan tamamlanar.

Öň habar berlişi ýaly, Aşgabatda 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnamada Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmeklik göz öňünde tutuldy.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamy boýunça Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň arasyndaky hökümetara ylalaşyga 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda gol çekildi. Gol çekmek çäresi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek dabarasynyň çäklerinde geçirildi.

2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014