Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda köptaraply ykdysady ulgamyň döredilmegine ýardam edýär

Ýurduň kärhanalarynda täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, Türkmenistanyň senagaty köptaraply we ylmy-tehniki täzeçillikleri kabul etmäge ukyply bazar ykdysadyýeti ulgamyny döretmek üçin ähli şertlere eýedir, diýip Türkmenistanyň strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty belläp geçýär.

Türkmen senagatynyň dünýä hojalygyna integrirlenmegi gazyp alyş we gaýtadan işleýiş toplumlarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Uglewodorod serişdelerini çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek we olary täze önüm öndürmekde çig mal hökmünde peýdalanmak meseleleri soňky wagtlarda uly gyzyklanma döredýär.

Şular ýaly taslamalaryň biri hökmünde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki ýurtdaky ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna Institut aýratyn ünsi çekýär. Tebigy gazy gaýtadan işlemek üçin niýetlenen bu zawodyň ýyllyk kuwwaty 386 müň tonna polietilen we 81 tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Öz gezeginde, gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegi täze ugurlaryň, şol sanda, energiýa taýdan durnukly çylşyrymly gurluşyk materiallarynyň, laklaryň we reňkleriň, tehniki dokmalaryň dürli görnüşleriniň, uzakmöhletleýin suw we gaz geçirmeýän süýngüçleriň we dürli maksatly germetikleriň, plastmaslaryň we elastometrleriň dürli görnüşleriniň we ş.m. beýleki önümleriň önümçiliginiň ösdürilmegine başlangyç esas bolar.

Gaýtadan işleýiş toplumynyň düzüminde agramly bölek nebiti gaýtadan işleýän senagata degişlidir. Şeýlelik bilen, 2015-nji ýylda TNGIZT-nyň binýady ýylda iki million tonnadan gowrak mazut we 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzin öndürmäge niýetlenilen täze enjamlar bilen dolduryldy. Şeýle hem, mazudy wakuumlaýyn gaýtadan işlemegiň hasabyna bir million tonnadan gowrak benzin çig maly we suwuklandyrylan gaz, bitum önümçiliginde ulanylýan 900 müň tonnadan gowrak gudron alynýar.

Türkmenistan mineral-çig mal serişdelerini ýerlikli ulanmagyň hasabyna ýokary hilli önümleri öndürmek mümkinçiligine eýedir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýurduň himiýa pudagyny ösdürmekde barha işjeň peýdalanylyp ugraldy. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz azot dökünlerini öndürmekde hem esas bolup hyzmat edýär. Bu önümiň önümçiliginiň ýola goýulmagy Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän toplumyň işe girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu diňe bir ýurduň oba senagat toplumynyň azot dökünlerine bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem bu önümiň eksportyny artdyrmaga hem mümkinçilik berdi.

Meňzeş täzelikler

2014