TAPI Pipeline: türkmen gazy iki ýyldan Pakistana barar

Türkmen gazy 24 aýdan TOPH gaz geçirijisi boýunça Pakistana barar. ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada sişenbe güni «TAPI Pipeline Company Ltd.» konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow 12-15-nji noýabrda BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC Halkara nebitgaz maslahatynda aýtdy.

Reýter agentliginiň habar bermegine görä, M.Amanowyň öz çykyşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň umumy bahasynyň 7 mlrd amerikan dollaryna barabardygyny belledi.

«Biz geljek ýylyň birinji ýarymynda gutarnykly maýa goýum çözgüdini kabul etmekligi, soňra tapgyrlaýyn Owganystanda, Pakistanda we Hindistanda gurluşyk işlerini tamamlamaklygy meýilleşdirýäris» - diýip M.Amanow aýtdy.

1840 km-den gowrak uzynlygy bolan TOPH gaz geçirijisi her ýylda 33 mlrd kub metr türkmen tebigy gazyny eksport etmäge niýetlenendir.

 

Meňzeş täzelikler

2014