Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaonyň arasynda geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasy bolup durýandygyny nygtamak bilen, geçen döwrüň içinde ýola goýlan netijeli maýa goýum gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika pudagy hem-de energiýa serişdelerini ugratmagyň eksport ugurlaryny ösdürmek, üstaşyr ulag düzümini döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly ugurlaryň bardygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler milli we dünýä ähmiýetli giň gerimli düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda türkmen Lideriniň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasy bar. Aziýanyň Ösüş banky TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekiler. Ol üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. Şeýle hem Akina — Mazari-Şarif demir ýoluny çekmek boýunça işler dowam edýär. Bu taslamalaryň hemmesi Türkmenistanyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň hyzmatdaşlygy üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutany AÖB-ne suwy süýjetmek üçin desgalary gurmagyň taslamasyna maýa goýmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Myhman bu teklibi kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň Merkezi Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we okgunly goşulyşmak işlerini berkitmegiň täsirli şerti bolup çykyş edýändigini belledi.

Aziýanyň Ösüş banky bu öňdengörüjilikli strategiýany doly goldamak we oňa ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek we onuň sebitdäki dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy baradaky başlangyjynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Ulag ulgamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, şunda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny gurmagyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy AÖB bilen hyzmatdaşlygyň anyk mysaly hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Ýewropa ugry boýunça geçelgäni döretmegiň mümkinçiligine seredildi.

Şeýle hem Hazarda hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň artandygy bellenildi, bu ugurda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, geljekki bilelikdäki taslamalar üçin, şol sanda turba geçirijileri gurmak, gojaman Hazaryň serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça taslamalar üçin mümkinçilikler açylýar.

Также был отмечен возросший потенциал сотрудничества на Каспии, где после подписания Конвенции о правовом статусе Каспийского моря имеются перспективы для будущих совместных проектов, в том числе по строительству трубопроводов и разработке морских ресурсов.

 

Meňzeş täzelikler

2014