Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär — Prezident

Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygy arkaly türkmen ykdysadyýetiniň goňşy ýurtlaryň we gyzyklanýan döwletleriň ählisiniň ykdysadyýeti bilen goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berýär – diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar.

— Şu ýyl biziň ýurdumyz çäklerinde energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýan bu abraýly maksatnama başlyklyk edýär — diýlip Gutlagda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2018-nji ýyl CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň başlanýan birinji ýylydyr, onuň esasy maksady bolsa sebitiň we sebitiň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň dünýäde häzirki ösüş meýilleri bilen bagly örän uly amaly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri ähli ýurtlara we sebitlere göni täsir edýär, durmuş-ykdysady ösüşe düýpli täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem ösüş maksatlarynyň umumylygyny goldamak, häzirki howplara we wehimlere bilelikde garşy durmak we CAREC Maksatnamasyna girýän döwletleri ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak bilen, täze maksatlary, şol sanda 2030-yň Gün tertibiniň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen, uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlygyň nusgalaryny işläp taýýarlamak amala aşyrylýar.

— Şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini taýýarlamak bilen, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz we möhüm bölegi diýen garaýyşdan ugur alýar — diýlip Gutlagda bellenilýär.

Goşulyşmak ugurlarynyň biri hem söwda ýardam etmek bolup durýar, söwda biziň döwletlerimiziň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga hemaýat edýär, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak mümkinçiligini giňeldýär. Bu ýerde sebitleýin söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmek, dolandyryş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny ýakynlaşdyrmak boýunça örän uly mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi geljekde amatly maýa goýum ýagdaýyny we telekeçiler üçin mümkinçilikleriň giňelmegini üpjün eder. Mundan başga-da, sebitde söwda hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi garyplygy azaltmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin berk maddy esasy döreder.

Prezidentiň şeýle hem belleýşi ýaly, Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC Maksatnamasynyň alty geçelgesiniň ikisi biziň döwletimiziň üstünden geçýär, olar ýurduň günbatara — Azerbaýjan Respublikasynyň üstünden Türkiýä we Ýewropa, şeýle hem gündogara — Hytaý Halk Respublikasyna, demirgazyga — Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna, şonuň ýaly-da, günorta — Arabystan deňzindäki Karaçi we Gwador deňiz menzillerine çykmagyny üpjün edýär.

— Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak we kämil ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek biziň döwletlerimize degişli ulag-üstaşyr we kommunikasiýa ulgamlary arkaly halkara aragatnaşyga üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer – diýlip Gutlagda bellenilýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň CAREC Maksatnamasyna agza döwletler üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar, energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder we tutuş sebitiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üçin kuwwatly esas bolar – diýip Prezidentiň Gutlagynda bellenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014