Çekişler ýatagyndaky täze guýudan senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy alyndy

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň buraw işleri boýunça müdirliginiň işgärleri Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşýän Çekişler ýatagynda taslama çuňlugy 3250 metre barabar bolan nobatdaky barlag guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Guýuda 3192-3198 interwal aralygynda we 8 millimetr diametrli ştuser bilen barlag geçirilende uglewodorodlaryň kuwwatly senagat akymy alyndy. Guýynyň gündelik debiti her günde 500 müň kub metr tebigy gaz we 75 tonna gaz kondensatyny bermäge ukyply. Konserniň hünärmenleri guýynyň başlanýan ýeriniň bufer basyşynyň 480 atmosfera, turbalaryň içinde bolsa, 510 atmosfera barabardygyna ünsi çekýärler.

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Döwletdurdy Hajyýewiň «Nebit-Gaz» gazetine beren teswirinde belleýşi ýaly, basyşyň şular ýaly ýokary derejedäki görkezijileri bu ýatakda tebigy gazyň ägirt uly gorunyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Çekişler türkmen nebitçileri tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda üsti açylyp, özleşdirilen ýatakdyr. Ýylyň-ýylyna bu ýatak ýurduň gaz-ulag ulgamyna iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrýar.

Çekişlerde ulanyş guýularyny burawlamak bilen birlikde, bu meýdanyň subut edilen ätiýaçlyk goruny artdyrmak maksady bilen barlag buraw işleri hem dowam edýär. Nobatdaky barlag guýusynda üstünlikli geçirilen buraw işleriniň netijesi Çekişleriň ätiýaçlyk gorunyň heniz gutarnykly anyklanylmandygyny subut etdi.

Şu günki gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, täze desgalary we uglewodorodlara baý meýdanlary işe girizmek ýaly wezipeleri kesgitläp berdi. Özleşdirmek üçin ýakynda ulanyşa girizilen Çekişler, Ýylakly, gaýtadan açylan Altyguýy, Mydar, Demirgazyk Goturdepe we beýleki ýataklar «Türkmennebit» Döwlet konserni boýunça «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» laýyklykda, uglewodorodlary çykarmagyň möçberiniň artmagyna möhüm goşandyny goşýar. 

Meňzeş täzelikler

2014