Merkezi Garagumdaky gaz guýularynyň sany artýar

Merkezi Garagumdaky Zeýakly-Derweze gaz kondensatly käniniň toplumynyň özleşdirilýän 4,5 gektardan gowrak meýdanynda 13 sany guýy burawlanylyp, şolaryň ikisi eýýäm ulanyşa taýýar edildi.

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň buýurmasy esasynda şu ýylyň başynda gurluşygy başlanan bu desgany özleşdirmek işini «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň «Türkmennebitgazýöritemontaž» ýöriteleşdirilen montaž tresti alyp barýar.

— Häzirki wagtda kondensaty dökmek-guýmak üçin niýetlenilen sorujylary we transformator podstansiýalaryny oturtmak boýunça montaž işleri dowam edýär. Şeýle hem, bu desgada her biri 1 müň kub metr göwrümli iki sany polat rezerwuar oturdyldy. Dolandyryş-hojalyk binasynyň, ýangyn deposynyň, ýangyna garşy nasos stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem, bu ýere gelýän demir ýol ulgamlarynyň we awtomobil ýollarynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar — diýip, «Türkmennebitgazýöritemontaž» trestiniň GGM-5-iň başlygy Röwşen Bekiýew gürrüň berýär.

Bu desganyň infrastrukturasyna dökme-guýma demir ýol estakadasy, dökme-guýma nasos stansiýasy, kondensatyň sarp edilişini ölçeýän uzel, kondensatyň rezerwuar parky, senagat akymlarynyň kanalizasiýa-nasos stansiýasy we ş.m. degişlidir.

Işi doly derejede amala aşyrmak üçin «КОМАЦУ», «МАН», МАЗ», «КАМАЗ» ýaly dünýä belli öndürijileriň iň täze awtotehnikalary, şol sanda, ekskowatorlar, turbagoýujylar, buldozerler, awtokranlar we ş.m. beýleki kuwwatly tehnikalar ulanylýar. Galyberse-de, dünýä standartlaryna doly derejede laýyk gelýän häzirkizaman enjamlar, şol sanda tehnologiki hadysalary dolandyrmak we .barlamak üçin awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy peýdalanylýar.

Meňzeş täzelikler

2014