Wang ZHONGCAI, «PetroChina» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy:

– CNPC korporasiýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine nähili baha berýärsiňiz?

– Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň on ýyllyk taryhy bar. Gaz pudagynda özara gatnaşyklarymyzyň iki sany esasy ugruny görkezmek bolar. Birinji ugur – bu «Apstrim» bolup, «Bagtyýarlyk» taslamasy onuň nyşany bolup durýar. Ikinji ugur – bu gaz söwdasynda hyzmatdaşlykdyr. Meniň pikirimçe, biziň hyzmatdaşlygymyz şol 10 ýylyň dowamynda üstünlikli amala aşyryldy. Ýataklary gözlemek we işläp taýýarlamak boýunça işleriň möçberi artýar. Gazyň bahasy boýunça birnäçe meseläniň bardygyna garamazdan, bu biziň hyzmatdaşlygymyzda diňe tehniki pursat bolup durýar. Meniň pikirime görä, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän uludyr. Sebäbi biziň hyzmatdaşlygymyzyň özara baýlaşdyryjy häsiýeti bardyr.

– Baha bilen bagly meseleler bar diýdiňiz, bu jedelli ýagdaýa getirip bilermi?

– Umuman, biziň gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyz örän üstünlikli we akgynly amala aşyrylýar. Elbetde, häzir gaz bilen bagly käbir meseleler bar. Emma men muny wagtlaýyn ýagdaý diýip hasaplaýaryn, sebäbi taraplarymyz dürli nukdaýnazarlara eýerýärler. Taraplaryň ikisi hem bu meseläni çözmäge uly isleg bildirýär. Şonuň üçin biz ýakyn gatnaşyklary goldaýarys. Meniň pikirimçe, taraplarymyz iki tarap üçin hem özara kabul ederlikli çözgüdi hökman taparlar. Ýüze çykan bu mesele biziň hyzmatdaşlygymyzyň gerimi bilen deňeşdireniňde, onuň ujypsyz bir bölejigi bolup durýar.

– Her tarap dürli nukdaýnazara eýerýär diýdiňiz, bu nämäni aňladýar?

– Söwda meselesi – bu başga mesele diýip aýdyp bilerin. Bu mesele bilen ýörite kompaniýa meşgullanýar, olar häzir gazyň bahasyny ylalaşmagyň üstünde işleýärler. Men häzir «Apstrime», ýagny ýataklary gözlemek we işläp taýýarlamak işlerine gözegçilik edýärin. Biziň başga wekiliýetimiz bar.

– «Galkynyş» gaz käninden baş gaz geçirijiniň täze şahasyny gurmak boýunça nähili işler geçirilýär?  

– Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak meselesi örän çylşyrymly bolup durýar, sebäbi ol bäş ýurduň çäginden geçýär. Bilşimiz ýaly, häzir bu meseläni utgaşdyrmak boýunça işler entek dowam edýär, ol heniz tamamlananok. Şonuň üçin, hakykatdan-da, işler garaşylyşyna garanyňda, haýal barýar.

– Bu näme bilen baglydyr?

– Bu bäş ýurduň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak meseleleri bilen baglydyr.

TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna nähili baha berýärsiňiz?

– Men TOPH taslamasyna örän üns bilen seredýärin. Biz Türkmenistandan gazyň eksportynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini goldaýarys. Türkmenistandan gazyň eksport ugurlylygy ýurtda gazyň doly peýdalanmagy üçin örän peýdaly bolup durýar diýip hasaplaýarys. Dürli bazarlarda hem islegler nyrhy emele getirmegiň esasynda durýar. CNPC tarapyndan biz hem bu gaz geçirijiniň gurulmagyny goldaýarys.

– Siziň kompaniýaňyz geljekde Türkmenistanda nähili taslamalary amala aşyrmagy meýilleşdirýär?

– Ilki bilen, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk üçin örän möhüm sebit bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk,  ozal hem belleýşim ýaly, 10 ýyl bäri dowam edýär. Hereket edýän Bagtyýarlyk taslamasyndan başga maýa goýmak isleýän «Apstrim» boýunça biz täze taslamalary gözleýäris. Olara  «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistandaky beýleki maýadarlar hem degişlidir. Bizi diňe «Apstrim» boýunça däl-de, eýsem, «hauzstrim» boýunça, gazhimiýada we gazy gaýtadan işlemekde taslamalar hem gyzyklandyrýar. Umuman, biz umumy tagallalar bilen diňe gaz ulgamynda däl-de, eýsem, nebit pudagynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýäris.

– Habar beriş serişdeleriniň käbirinde «PetroChina» kompaniýasynyň Türkmenistana bergisi barada habarlar berildi, şu barada hem aýdaýsaňyz?

– «PetroChina» kompaniýasynyň Türkmenistana bergisi barada habarlar boýunça gynansam-da, size anyk bir zat aýdyp bilmerin, sebäbi bu meselelere CNPC-niň  ýanynda işleýän başga kompaniýa gözegçilik edýär. Ýöne bu meseläniň bardygyny bilýärin, ol hem gazyň bahasy bilen baglydyr.

– Şertnamada görkezilen baha üýtgedimi? Ol peseldimi?

Ýok, belli bir baha kesgitlenenok. Gynansam-da, men bu meselä gözegçilik edemok. Men, esasan, «Apstrim» boýunça taslamalary amala aşyrmak we olara maýa goýmak meselelerine gözegçilik edýärin.

– Eger haýsydyr bir ýurtdan bolan işewür Sizden Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk barada sorasa, Siz oňa näme maslahat bererdiňiz?

– Türkmenistan tebigy serişdelere örän baý döwlet. Eger Türkmenistan maýa goýmak üçin syýasaty doly işläp taýýarlasa, maýa goýmak işini has tiz amala aşyryp bolardy. Men maýadar hökmünde bu meselä şeýle garaýaryn.

– Siz Türkmenistanda ýygy-ýygydan bolýarsyňyzmy? Sizde dörän täsirler barada gürrüň beräýseňiz? Bu ýer size ýaraýarmy?   

– Men Türkmenistanda birnäçe gezek bolup gördüm. Men ýurduň ösüşini gördüm. Siziň paýtagtyňyz örän owadan şäher. Bu aýratyn-da, agşamlaryna dürli öwüşginli çyralar ýananda has täsirlidir. Bu mende üýtgeşik täsir döretdi. Türkmen halky bolsa, örän myhmansöýer eken. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda siziň ýurduňyzyň mundan beýläk-de ösjekdigine ynanýaryn.

– Türkmenistanda Siziň hakydaňyzda galan aýratyn zat näme?

– Ýurduň düzüminiň ösüşi diýseň haýran galdyrdy, örän batly depginler bilen ösýär.

– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

 

  Ussa USSAÝEW,

 «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Meňzeş täzelikler

2014