«OGT – 2018» halkara forumyna gatnaşyjylar TOPH taslamasynyň ähmiýetini belleýärler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018» (OGT-2018) halkara maslahatynyň birinji gününde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna bagyşlana diskussion sessiýa geçirildi. Onuň çäklerinde maslahatyň wekilleri taslamanyp taryhy, onuň durmuşa geçirilişi hakynda esasy maglumatlar, howandarlar, onuň syýasy we ykdysady ähmiýeti bilen tanyş boldular.

«OGT-2018-e» gatnaşyjylar onuň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler.

Teh Ýat HONG, «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasynyň baş direktory:

— Men TOPH taslamasy siziň ýurduňyz, şeýle hem sebitiň ähli ýurtlary üçin örän möhüm we geljegi uly diýip hasap edýärin. Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

— Bu hemmelere mälimdir. Siziň döwletiňiz bu baýlyklary iş ýüzünde peýdalanmalydyr, TOPH taslamasy bu maksada ýetmegiň ygtybarly ýollarynyň biridir. Şol sebäpli hem onuň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryň edilmegi zerurdyr. Bu taslama Türkmenistan üçin ägirt uly strategik ähmiýete eýedir.

- Biz bu ugurda alyp barylýan işleri üns bilen synlaýarys. Gaz kongresinde we “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara sergisinde we maslahatynda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de şunda nähili kynçylyklaryň ýeňlip geçilýändigi barada açyk we yzygiderli maglumatlaryň berilýändigi örän möhümdir. Bu babatda Türkmenistanyň hökümeti oýlanyşykly hereket edýär.

— Eger-de, ählumumy senagatlaşdyrmagyň barşyna garalanda, gaz energetika senagatynyň esasy düzümleriniň biri bolup durýar we uzak wagtyň dowamynda şeýle bolmagynda galar. “Petronas” kompaniýasy öz işlerinde şu nukdaýnazardan ugur alýar. Biziň işimiz, esasan, gaz işleri bilen (70 göterime golaý), şol sanda suwuklandyrylan gaz, soňra bolsa nebit bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan ählumumy zerurlyklar babatynda bu garaýşy goldaýar. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä meýillerinden ugur alyp, milli nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. TOPH taslamasy bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir, geljekde Hazarüsti turbageçiriji hem şeýle ähmiýete eýe bolup biler. Ýewropada gaza uly isleg bildirilýär hem-de siziň ýurduňyzyň energetika syýasatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň uly geljegi bar.

Mohammed Abdalla AL-RAISI, “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş menejeri:

— — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, sebitiň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirer. Bu bolsa, türkmen uglewodorodlarynyň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bilşiňiz ýaly, biz nebit bilen işlemegi ugur edinýäris, emma TOPH taslamasynyň peýda bolan wagtyndan bäri biz ugurdaş nebit gazyny çykarýarys we gaýtadan işleýäris. TOPH gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmeginiň biziň taslamalarymyz üçin hem peýdaly boljakdygy sebäpli, onuň amala aşyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Rasim WALIÝEW, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekili:

— Biz Türkmenistanyň ähli ugurlarda, elbetde, nebitgaz pudagynda hem gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Siziň hormatly Prezidentiňiz öz wagtynda TOPH gaz geçirijisini gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Elbetde, nebitgaz pudagynda parasatly syýasat we özara bähbitli gatnaşyklar taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ösmegine mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy doly amala aşyrylar. Ýurtda gaz bolanda, öýlerde abadançylyk, ýylylyk we ýagtylyk bolýar. Goý, ähli gowy taslamalar adamlaryň bähbidine üstünlikli amala aşyrylsyn!

Meňzeş täzelikler

2014