Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdeleri dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzda halkara kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda gury ýerde we deňizde  nebitgaz çig mallarynyň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan  öňdengörüjilikli ýangyç-energetika syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk ösüşiň täze depginine eýe boldy. Munuň şeýledigine onuň artýan depgini we netijeliligi aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda iri bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmäge, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge, nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty hemmetaraplaýyn ösdürmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem-de ýokary hilli önümleriň giň görnüşleriniň çykarylmagyny üpjün edýän innowasion tehnologiýalary hem-de döwrebap enjamlary ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň we peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Mejlisde garalan meseleleriň hatarynda - “Türkmenistanda döwlet eýeçilindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy; möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek; Aşgabady abadanlaşdyrmak; şu ýylyň 19-20-nji apreli aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara telekeçiler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk; Awtomobil ulaglary ministrliginiň düzümini  kämilleşdirmek; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini açmak; Aziada-2017-ä bagyşlanan we 5-nji maýda oýunlaryň başlamagyna çenli 500 gün galanda badalga alýan atly ýörişi geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler boldy.      

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, habarlar ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksadynda  DIM-niň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlan daşary ýurt döwletleriniň habarçylarynyň (žurnalistleriniň)  we habar beriş serişdeleriniň beýleki wekilleriniň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan işleri, akkreditasiýasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklady.

Mejlisde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 13-nji Sammitiniň netijelerine garaldy, onuň işine Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu wekilçilikli forumyň gün tertibine YHG-na agza ýurtlaryň bähbitlerine we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi, parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, möhüm durmuş wezipeleriniň çözülmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegini ugur edinýän ählumumy energiýa howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny hemmetaraplaýyn goldaýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýurdumyzyň hyzmatdaşlary, şol sanda Yslam Ösüş banky ýaly abraýly maliýe düzümleri döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsi bolmaga gönükdirilen giň möçberli taslama ägirt uly gyzyklanma bildirýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.  

Meňzeş täzelikler

2014