Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesi giň geoykdysady giňişlikde gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam eder — Türkmenistanyň Prezidenti

Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti barha artýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanyp şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýär.

Biziň ýurdumyz ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen tutumly işleri üstünlikli amala aşyrýar, diýip döwlet Baştutany belleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 14 — 15-nji noýabrynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatynyň (RECCA VII) çäginde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Prezidentiň belleýşi ýaly, bu multimodal ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda multimodal ýük daşamalarynyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezlerini döretmäge ýardam eder. Bu bolsa gadymy Ýüpek ýoluny döwrebap dikeltmekde we ony netijeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir.

Biziň ýurdumyzda geçirilýän bu halkara maslahat ulaglar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly goşant goşar. Bu başlangyçlar ekologiýa taýdan amatly, howpsuz hem-de ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi goldamaga, halkara hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berer, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014