Bize milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamak başartdy — Gurbanguly Berdimumahedow

4-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýetiň ösüşine baha berdi, döwletiň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda durup geçdi, şeýle hem 2019-njy ýylda çözülmegi möhüm meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.

Hususan-da, Prezidentiň belleýşi ýaly, ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çaklamalara görä, 6,2 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artyp, häzirki döwürde 65 göterime barabar boldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 51 göterim artyp, çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň hasabyna dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Bu ugurda bar bolan köp serişdelerimizi we uly mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutup işlemeli.

Umuman, biz on bir aýyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp bileris diýip, Prezident belledi. Biz, 2019-njy ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr.

Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmaly. Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallarydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewür başlangyçlary höweslendirmekden ybaratdyr. Bu bolsa özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara ajaýyp mümkinçilikdir.

Milletiň Lideri wise-premýer G.Myradowa we Hökümetiň beýleki agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine häzirden düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, gazanylan netijeleri seljermek, ýol berlen kemçiliklere seretmek, haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitlemek möhümdir we degişli teklipleri, şol sanda ýolbaşçy işgärler baradaky teklipleri taýýarlamak wajypdyr.

Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde biz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň täze ykdysady nusgasynyň maksatnamasyny kabul etmelidiris. Bu maksatnama ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düzüm üýtgetmeleriniň esasyny goýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşini has ýokary derejä çykarar, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014