Wladimir Putin: Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Täze ýyl Gutlagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy birkitmek üçin täze mümkinçiliklere üns berýär, diýip Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

«Russiýa Federasiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň ýakynda güýje girmegi syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki köp sanly ulgamlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze mümkinçiliklere ýol açýar we gürrüňsiz iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine jogap berýär» - diýlip Gutlagda bellenilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen RF-iň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada resmi saparynyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Türkmenistanda rus kapitaly bilen 190-dan gowrak kompaniýa hereket edýär. 2009-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda ARETI (öňki ITERA) holdingi Hazar deňziniň türkmen kenarynda öz işini alyp barýar.

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Gazprom» kompaniýasy 2018-nji ýylyň noýabryndan bäri türkmen gazyny satyn almaklygy dikeltmek boýunça gepleşikleri geçirýär. Şunda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2028-nji ýyla çenli hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama hasaplaýarlar.

 

Meňzeş täzelikler

2014