Demirgazyk sebitde oba ýerlerini gazlaşdyrmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda orta basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygy dowam edýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şu günler “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň hünärmenleri “Jeýhun” daýhan birleşiginiň “Gaty oý” obasynyň täze gurluşyklaryna gaz kommunikasiýalaryny çekýärler. Onuň umumy uzynlygy 1,5 kilometrden gowrak bolar.

Şeýle hem şu günler dürli uzynlykdaky orta basyşly täze gaz turbalary “Gökçäge” daýhan birleşiginiň “Maňňyt”, “Amyderýa” daýhan birleşiginiň “Öküzýap” obalaryna, Gubadag şäheriniň “Täze oba” täze ýaşaýyş jaý toplumyna çekilýär. Ýylyň ahyryna çenli olaryň umumy uzynlygy 7,5 kilometre ýeter. Täze kommunikasiýalaryň gurluşygynda ýokary geçirijiligi we berkligi bilen tapawutlanýan dürli ölçegli turbalar ulanylýar.

Demirgazyk sebitiň ýerlerini mundan beýlägem gazlaşdyrmak boýunça şeýle işler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak boýunça döwlet çäreleriniň toplumynda göz öňünde tutulandyr.

Şu ýyl welaýatyň ilatly ýerleriniň ählisine täze gaz liniýalary çekiler, şunda diňe “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň işgärleri gaz bölüji nokatlary bolan täze gaz geçirijileriniň 46,5 kilometrden gowragyny gurarlar.

Meňzeş täzelikler

2014