Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlaýar

Şu ýyldan başlap Türkmenistan 2019-2025-nji ýyllarda döwür üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlaýar, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň noýabrynda Karary bilen tassyklanan Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýurduň jemgyýetçilik gurşawynyň we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hereket etmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edilýär. Birinji tapgyrda (2019-njy ýyl) ministrlikleriň, edaralaryň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň düzüminde ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň, edarara toparynyň döredilmegi, şeýle hem Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamanyň — ýagny sanly ykdysadyýete geçmäge taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň «ýol kartasyny» işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Bu tapgyrda sanly ulgama geçmäge taýýarlamak üçin hojalyk subýektleriniň tehniki binýadynyň monitoringi geçiriler. Şeýle hem material-tehniki binýady, kanunçylyk esaslary kämilleşdirmek, hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça ulgamlaýyn çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Guramaçylyk meselelerini kesgitlemek, býujet maliýeleşdirilmesini hasaplamak göz öňünde tutulandyr.

Bu tapgyrda degişli tehniki enjamlary satynalmak üçin bäsleşikler yglan ediler, maýa goýumlaryň möçberleri kesgitleniler, synag taslamalary işe giriziler we olary ähli pudaklara ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri seljeriler.

Ikinji tapgyrda (2020-2023-nji ýyllar) sanly aragatnaşygyň has giňişleýin we toplumlaýyn ornaşdyrylmagy, «Bir penjire» hyzmatynyň ösdürilmegi, sanly hasabatlylygyň ornaşdyrylmagy we beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Üçünji tapgyrda (2024-2025-nji ýyllar) milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanlaşdyrmak taslamalaryny durmuşa geçirmek, ony halkara sanly ykdysady ulgama utgaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda dürli pudaklarda sanly ykdysadyýetiň birnäçe alamatlary eýýäm üstünlikli hereket edýär. Ýakyn wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudaklarynda 3G, 4G, soňlugy bilen bolsa – 5G tizlikli Internet we beýleki hyzmatlary ulanmak arkaly döwrebaplaşdyrmaklyk göz öňünde tutuldy. Mobil Aragatnaşygyň dördünji nesliniň tehnologiýasy şeýle hem telelukmançylyk, uzak aralykdan bilim bermek, ulag dolandyrylyşy, howpsuzlyk we jemgyýetçilik tertibini goramak we ş.m. ulgamlarda peýdalanylyp bilner.

2017-nji ýylda Türkmenistanda elektron bilim bermekligiň usullaryny işläp düzmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamynyň ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi.

Meňzeş täzelikler

2014