Benziniň bahasy boýunça Türkmenistan dünýäde — ýedinji, Merkezi Aziýada — birinji ýerde

«Global Petrol Prices» (ABŞ) analitik neşiri benziniň bahalary boýunça ýurtlaryň nobatdaky sanawyny neşir etdi. Hünärmenleriň nebit önümleriniň her hepdedäki bahalaryny yzygiderli gözegçilik edýän 150 döwletinden Türkmenistan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çenli ýagdaýa görä benziniň arzanlygy boýunça sanawda ýedinji orny aldy.

Neşiriň analitik maglumatlaryna laýyklykda, iň arzan benzin Wenesuelada satylýar. Ol ýurtda benziniň ýyllyk ortaça bahasy bir sente deňdir. Ikinji ýerde Sudan (0,13 dollar), üçünji ýerde Eýran (0,29 dollar). Dördünji, bäşinji we altynjy ýerlerde degişlilikde Kuweýt (0,34 dollar), Alžir (0,35) we Nigeriýa (0,41 dollar) ýerleşdi.

Benziniň Türkmenistandaky bahalary müsüriňki bilen meňzeş boldy, ol ýerde A-95 kysymly benziniň bir litri 43 sente deňdir.

Şeýle hem neşiriň maglumatlaryna görä, benziniň arzanlygy boýunça Türkmenistan GDA agza döwletleriniň ählisinden öňdedir. Sanawda Türkmenistana iň golaý ýerleşen Azerbaýjan 9-njy ýerde durýar. Ol ýerde 1 litr benzin 4 sent gymmatdyr. Gazagystan 10-njy orunda (48 sent). Özbegistan 18-nji, Gyrgyzystan – 23-nji ýerde. Russiýa sanawda 25-nji ýerde durýar. ol ýerde benziniň bahasy 0,68 dollar.

Belläp geçsek, awtomobil ýangyjynyň bahalary Türkmenistanda berkidilendir. Nebit önümleriniň ähli görnüşleri tutuş ýurduň çäginde döwlet tarapyndan kesgitlenen bir nyrhdan satylýar. A-95 kysymly benzin 1,5 manatdan satylýar. Ol bolsa Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 43 sentdir. A-92 we dizel ýangyjy 1,35 manat(38 sent). A-80 benzin 1,15 manat (33 sent).

Nebitiň ýangyç-çalgy önümlerine gaýtadan işlenilmegi, şeýle hem olaryň ýurtda lomaý we bölek görnüşde satylmagy bilen diňe döwlet kärhanalary meşgul bolýar.

Häzirki wagtda benzin we awtomobil ýangyjy ýurtda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň NGIZ-de öndürilýär. Bu kärhanalarda amala aşyrylan düýpli döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde olar Ýewro-5 kysymly benzin öndürmäge ukyplydyr. Şu ýyl Türkmenistanda tebigy gazdan Ýewro-5 kysymly benzin öndürjek täze zawod işe giriziler.

Benziniň we dizel ýangyjynyň bahalarynyň soňky ýokarlanmasy ýurtda 2018-nji ýylyň fewralynda bolupdyr. Şoňa çenli A-95 benziniň 1 litriniň bahasy 1 manatdy (28 sent).

 

Meňzeş täzelikler

2014