Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna gatnaşar

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12 — 13-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Owganystanyň gatnaşmagynda sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Bellenen ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasyny bu düzümiň işine gatnaşmaga çagyrmak boýunça teklipleri beýan etmek göz öňünde tutulýar.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, gepleşigiň esasy wezipesi häzirki zaman syýasy we ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen hem-de köp asyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, ysnyşykly ykdysady hyzmatdaşlygyň, däp-dessurlaryň, taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň esasynda bu düzüme girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Gepleşigiň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-tehnologiýa hem-de bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine yzygiderli garalar.

Günorta Aziýanyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli sebit bolup durýandygyny bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Hindistan bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak ýörelgelerinde guramak bilen, ony syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri bu düzümiň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindi ummanyna çykmagy babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutany gepleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda berk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňümizdäki maslahata gatnaşmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Belläp geçsek, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde Aşgabadyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän iň iri taslama ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre barabar bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu turba geçirijiniň işe girizilmegi sebitiň birnäçe döwletiniň ykdysady ösüşi üçin kuwwatly itergi berer, şeýle hem Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün ermäge ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014