«Türkmengaz» — Africa Eco Race-2019 ralli-reýdiniň resmi howandary

«Türkmengaz» döwlet konserni Dakar — Africa Eco Race afrikan ugry boýunça geçýän 11-nji ralli-reýdiň resmi hyzmatdaşy.

Africa Eco Race ralli-reýdi dünýä sportunda iň abraýly ýaryşlaryň biridir. Ýaryş Dakaryň taryhy ugry boýunça geçirilýär. Ol Marokkodan başlanýar we Günbatar Saharanyň üsti bilen Mawritaniýa geçýär we Senegalda tamamlanýar.

Ýylyň ýylyna awtoýaryşyjylar tarapyndan bolşy ýaly, olaryň janköýerleri tarapyndan hem bu özüne çekiji ýaryşlara bolan gyzyklanma artýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň halkara afrikan marafony bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanda «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň üstünlikli geçirilmeginden soňra dowam edýär. Şol gezek ýaryşa gatnaşyjylar Garagum çölüniň meşhur çägeliklerinden — Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy kerwen ýolundan geçdiler.

Türkmenistanyň territoriýasy boýunça indiki ýaryş ralli-kross boýunça Dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-11-nji maýynda geçiriler.

 

Meňzeş täzelikler

2014