«Deňiz söwda floty» ÝGPJ Deňizde milli daşaýjy hökmünde kesgitlenildi

Türkmenistanyň täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini deňizde milli daşaýjy hökmünde kesgitlemek hakynda çözgüt kabul edildi.

Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Düzgünnamada ýük gatnatmak ulgamyny dolandyrmagyň hukuk hem-de ykdysady, guramaçylyk esaslary, deňiz gurşawyny goramak we saklamak, halkara gatnaşyklaryň beýleki kadalaryny berjaý etmek meseleleri kesgitlenilýär.

Milli daşaýjy derejesi Türkmenistanyň deňiz senagat nokatlaryna barmakda artykmaçlyk berýär, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz söwda portlarynda we port nokatlarynda port ýygymlary boýunça ýeňillikleri berýär.

Wise-premýer M.Çakyýewiň belleýşi ýaly, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň deňizde milli daşaýjy hökmünde kesgitlenmegi deňiz flotunyň işini hem-de ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmäge ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014