Bütindünýä banky nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny aşak düşürdi

Bütindünýä banky (BB) geljek iki ýyl üçin nebitiň ortaça bahalary boýunça çaklamalaryny barrel üçin 67 dollara çenli aşak düşürdi. Bu görkeziji onuň dekabrdaky çaklamasyndan 4 dollar pesdir.

Dekabr aýynda BB geljek üç ýylda nebitiň ortaça bahasynyň barrel üçin 71 dollar derejesinde, iýundaky çaklamasynda bolsa – barrel üçin 69 dollar derejesinde kesgitledi.

«2019-njy we 2020-nji ýyllarda nebitiň bahalarynyň 67 dollar derejesinde bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji iýunda garaşylanyndan 2 dollar azdyr – diýlip bankyň ýanwar aýy üçin «Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri» boýunça hasabatynda aýdylýar. Ýöne şeýle hem bu çaklama boýunça anyklygyň doly däldigi hem bellenilýär.

«Nebite bolan islegiň artmagyna garaşylýan wagtynda, ösýän ykdysadyýeti bolan bazarlarda çäklendirilmegi garaşylyşyndan has düýpli täsir edip biler» diýip Ria Nowosti bankyň analitikleriniň sözlerini getirýär.

Ýagdaý şeýle hem OPEC ýurtlarynyň we nebit çykarmak boýunça onuň hyzmatdaşlarynyň ylalaşyklaryna hem baglydyr. BB-niň bellemegine görä, gazanylan ylalaşyklara garamazdan, bu ylalaşygyň detallary bazara doly gutarnykly düşnükli däldir.

 

Meňzeş täzelikler