Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $59,55, «WTI» - $50,60

Nebitiň dünýä boýunça bahalary 9-njy ýanwarda maýadarlaryň ABŞ bilen HHR-iň öz söwda gapma-garşylyklaryny çözüp biljekdiklerine bolan umytlarynyň netijesinde 1 göterime gola ýokarlandy.

Moskwa wagty bilen 8:25-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,41 göterim ýokarlanyp, 59,55 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,65 göterim gymmatlap, 50,60 amerikan dollaryna barabar boldy.

7-nji ýanwarda Pekinde söwda-ykdysady meseleleri boýunça HHR bilen ABŞ-nyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy, diýip Praým habar berýär. HHR-iň DIM-niň resmi wekili Lu Kanyň belleýşi ýaly, Hytaý söwda gapma garşylygynyň deňlik we özara hormat goýmak esasynda çözüljekdigine umyt edýär. ABŞ-nyň söwda ministri Uilbur Rossuň CNBC teleýaýlymyna belleýşi ýaly, ýurtlar gepleşikleriň dowamynda möhüm meseleler babatda tiz ylalaşyk gazanyp biler.

Bu täzelikler hepdäniň başyndan bäri «gara altynyň» bahalarynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014