AÖB Merkezi Aziýa elektrik energiýasynyň serhetara söwdasyny giňeltmek üçin karz bölüp berer

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Merkezi Aziýa energetika ulgamynyň (MAEU) içinde elektrik energiýasynyň sebitleýin söwdasyny giňeltmegi goldamak, Türkmenistanyň MAEU mümkin bolan goşulmasyny öwrenmek we ulgamyň mundan beýläk hem Owganystanda giňeldilmegi üçin karz hökmünde berilýän 4,5 million dollar möçberinde klaster tehniki kömegini goldady, diýlip bankyň saýtynda habar berilýär.

«Energiýanyň sebitleýin söwdasynyň artmagy bilen ýurtlar elektrik energiýasyna bolan ýerli islegi kanagatlandyryp, artykmajyny goňşy ýurtlara iberip bilerler» - diýip AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça sebit edarasynyň energetika bölüminiň direktory Aşok Bhargawyň sözleri getirilýär. Onuň pikirine görä, bu sebit energetika howpsuzlygyny berkitmäge we elektrik energiýasyna bolan sebit islegini kanagatlandyrmakda uglerod zyňyndylarynyň möçberini azaldar.

Meňzeş täzelikler

2014