Baýramalyda gazhimiýanyň ýerli önümlerinden polimer önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen paket we polipropilen turba önümlerini öndürýän hususy önümçilik kärhanasy işe girizildi. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan desga «Eşretli kenar» hususy kärhanasy bilen baglaşylan şertnama boýunça «Älemabat» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Kärhanada oturdylan tehnologik ulgam dürli polietilen örtüginiň 1800 tonnasyny hem-de diametri 20 — 60 millimetr bolan ýokary hilli polipropilen suw geçiriji turbalaryň 257 tonnasyny çykarmaga niýetlenendir. Önümleriň bu görnüşlerine bolan isleg dünýäde yzygiderli artýar. Geljekde kärhananyň önümlerini daşary ýurtlara ugratmak meýilleşdirilýär.

Täze kärhana üçin zerur çig malyň 2018-nji ýylyň oktýabrynda açylan Gyýanlydaky polimer zawodyndan hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýändigi aýratyn bellärliklidir.

Mälim bolşy ýaly, Gyýanly şäherçesinde gurlan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça sebitde iri gazhimiýa toplumy bu ugurdaky ilkinji kärhana boldy. Bu ýerde her ýylda 5 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz gaýtadan işleniler we 381 müň tonnadan gowrak ýokary dykyzlykly polietilen we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan beýleki önümler öndüriler.

Polipropilen önümçiligi boýunça zawodyň açylmagy we onda içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky sarp edijiler bazarlary üçin hem dürli önümleriň öndürilmegi Türkmenistanyň nebitgaz we gazhimiýa toplumynyň ileri tutulýan ugrudyr. TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemek bilen alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen önümçiligi boýunça desganyň açylmagy bilen bu işlere badalga berildi.

Belläp geçsek, Baýramalyda täze kärhananyň ulanyşa girizilmegine diňe bir Gyýanlydaky polimer toplumynyň açylmagy däl, eýsem, importyň ornuny tutujy we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmagy kadalaşdyrýan, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty düýpli täsir etdi.

Meňzeş täzelikler

2014