Nebitgaz buraw desgalarynyň sany 2018-nji ýylda artdy

2018-nji ýylda dünýäde hereket edýän nebit we gaz buraw desgalarynyň her aýdaky ortaça sany artdy. Geçen ýyl bu görkeziji 2017-nji ýyldaky 2029 bilen deňeşdireniňde 2211 birlige çenli artdy.

Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň şaýatlyk etmegine görä, geçen aýda buraw desgalarynyň dünýä boýunça sany noýabrda 2266 bolanlygyndan 2244 desga çenli azaldy. Şol bir wagtda dekabrdaky görkeziji 2017-nji ýylyň şol döwürdäki görkezijisinden 155 birlik ýokarydy.

ABŞ-da desgalaryň sany geçen aýda noýabr bilen deňeşdireniňde 1 birlik artdy we 1078-e deň boldy. şol bir wagtda Kanadada 57 birlik azalyp, 141-e çenli ýetdi (2018-nji ýylyň maýyndan bäri iň aşak görkeziji). Şeýlelikde, Finmarketiň habar bermegine görä, dünýäde hereket edýän buraw desgalarynyň 54,3 göterimi Demirgazyk Amerikanyň paýyna düşýär. Bu görkeziji noýabrda 56,3 göterime deňdi.

Ýewropada buraw desgalarynyň sany geçen aýda 12 birlik artyp, 95-e (2017-nji ýylyň maýyndan bäri iň ýokary görkeziji), Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 9 birlik artyp, 231-e (2015-nji ýylyň martyndan bäri iň ýokary görkeziji), Latyn Amerikasynda 8 birlik artyp, 197-ä, Afrikada 5 birlik artyp, 108-e deň boldy. Muňa garamazdan, Ýakyn Gündogarda desgalaryň sany 394-liginden üýtgemedi.

Meňzeş täzelikler

2014