Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň deslapky synaglaryna badalga berdi

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Geçirilen gysgaça maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumyny, şol sanda gazy gaýtadan işleýän ulgamy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň uly isleginden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, olaryň görnüşlerini giňeltmek, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýasyny çekmek maksady bilen, amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, Türkmen Liderine täze kärhananyň deslapky synaglaryny başlamaga ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleri, senagat hem-de ylmy kuwwaty bilen milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän täsin zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutany wise-premýere kärhanada geçirilýän goýberiş-sazlaýyş işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy, olaryň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyga gol çekilendigini ýatladýarys. 2014-nji ýylyň awgust aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de «Euro-5» standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar.

2019-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler. Zawodyň direktorynyň habar berşi ýaly, kärhananyň işgärleri hem-de hünärmenleri täze enjamlarda işlemek üçin okuwlary geçdiler we goýberiş- sazlaýyş işlerini geçirmäge doly taýýardyr.

Ahal welaýatynda gurulýan täze kärhanasynda dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberlerinde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek işi amala aşyrylar. «GTG-Gas to gasoline» taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan TIGAS TM tehnologiýasyna esaslanýar. Munuň özi ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunda energiýa serişdeleri az möçberde harçlanýar hem-de daşky gurşawa täsiri peselýär.

Taslamanyň menejeri, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili Keý Noumuranyň döwlet Baştutany bilen söhbetdeşlikde belleýşi ýaly, tebigy gazdan benzin öndürmegiň tehnologiýasy degişli enjamda, barlaghana şertlerinde üstünlikli synagdan geçirildi. Ine, indi bolsa, GTG tehnologiýasy Türkmenistanda täjirçilik möçberinde amala aşyrylýar.

Zawodda eýýäm suwy arassalamak, bug we elektrik energiýasyny öndürmek ulgamlary synagdan geçirildi. Bu desgalar «Türkmengaz» döwlet konserniniň inženerleri tarapyndan üstünlikli ulanylýar. Häzirki döwürde benzin öndürýän desgada synag işlerine içgin taýýarlyk görülýär.

«Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili tanyşdyryşlygy tamamlap, kompanisynyň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezidenti zawodda hemme işleriň ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014