Türkmenistan ýapon hyzmatdaşlarynyň maýa goýum işjeňligini goldaýar – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi saparlarynyň çäklerinde hem-de 2015-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza bolan resmi sapary mahalynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar netijeli döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Şonda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň netijesinde uzak möhletli geljegi nazara almak bilen dürli ugurda gatnaşyklar üçin ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

2018-nji ýylyň ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň barşynda netijeli gepleşikler geçirildi. Şonuň çäklerinde, gazhimiýa senagatynda, elektrik energetikasy, ulag ulgamlarynda, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Şol saparyň barşynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän kärhanany gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge degişli resminamalaryň 8-sine, şeýle hem Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk üçin banky (JIBIC) bilen hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistana «Komatsu» kompaniýasynyň ýer gazýan tehnikalaryny we «Toýota» kysymly awtoulaglary getirmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi.

Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýoiçi Kobaýaşiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary barada hem habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaponiýa bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen Lideri Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň, Balkan welaýatynda iri senagat toplumlarynyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polietilen öndürýän kärhananyň, Garabogazda kaliý dökünlerini öndürýän, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodlaryň gurluşygy bar.

Ýakyn wagtda sintetiki benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de işe girizilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň ýokary netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň mundan beýläk-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge hem-de öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, täzeçil işläp taýýarlamalary hem-de nou-haulary işjeň ulanmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Şu babatda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ugur alan ýurdumyz ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň maýa goýum işjeňligini goldaýar diýip, milli Lider aýtdy.

Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maýa goýum işini işjeňleşdirmek hem-de maliýe-bank düzümleriniň, kiçi we orta telekeçiligiň, ylym we bilim ulgamlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu işde nebitgazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudagy ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014